Arkadag şäherinde “Ýeňiş” haryt nyşanly önümleriň ýöriteleşdirilen dükany açyldy

27-02-2026

Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabrigi Türkmenistanyň dokma senagatynda öňdebaryjy orunlary eýeleýän kärhanalaryň biridir.

Kärhananyň önümleriniň söwda nokatlary Mary we Aşgabat şäherlerinde hereket edýär. Mundan başga-da, «akylly» Arkadag şäherinde hem onuň täze önümleri hödürleýän ýöriteleşdirilen dükany açyldy.

Önümçilik görnüşleriniň esasy bölegini tebigy türkmen pagtasyndan taýýarlanylýan erkek adamlar we çagalar üçin köýnekler düzýär. Bu gippoallergen çig mal howanyň erkin aýlanmagyny üpjün edýär hem-de geýimde ýokary rahatlygy döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň howa şertlerinde örän ähmiýetlidir.

Kärhananyň önümleri dürli sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin yzygiderli täzelenýär. Şol bir wagtyň özünde kärhana önümlerine 2025-2026-njy ýyllaryň moda ugurlaryny işjeň ornaşdyrýar. Olaryň hatarynda dik ýakaly modeller, möwsümara döwür üçin flanel köýnekler we nepis welwet önümler bar.

Müşderileriň amatlylygy üçin kärhananyň resmi web-saýty (yenish.com.tm) hyzmat edýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti