Türkmenistanyň «Bedew Jeans» haryt nyşanly jins önümleri birnäçe daşary ýurtlara eksport edilýär
20-02-2026
Türkmenistanyň ýokary hilli «Bedew Jeans» haryt nyşanly jins önümleri ýyllaryň dowamynda alyjylaryň uly ynamyna eýe bolup, dürli ýaşdaky adamlar üçin ygtybarlylygyň we stiliň nyşanyna öwrüldi.
Önümlerde bedewiň şekili ýerleşdirilen «Bedew Jeans» haryt nyşany çuňňur mana eýedir. 2025-2026-njy ýyllaryň möwsüminde «Bedew Jeans» haryt nyşanly önümler has döwrebap nusgalara – giň «beggi» görnüşlerine, aşagy giňelýän (klýoş) we wintaž dizaýnlara aýratyn üns berýär.
«Bedew Jeans» haryt nyşanly önümler Ýewropanyň we Ýaponiýanyň kämil enjamlarynda öndürilýär we halkara standartlara doly laýyk gelýär. Önümçilikde 100 göterim tebigy pagta ýa-da bedene gowy oturmagy üçin düzümine laýkra goşulan denim ulanylýar. Her bir önüm özüniň berkligi bilen tapawutlanýar we yzygiderli hil barlaglaryndan geçirilýär.
«Bedew Jeans» haryt nyşanly jins önümleri Russiýa, Türkiýä, ABŞ-a, Gazagystana we Ýewropanyň hem-de Aziýanyň beýleki döwletlerine eksport edilýär. Müşderilere amatly bolmagy üçin Aşgabatda ýöriteleşdirilen dükanlar işleýär, önümleriň täze toplumlary bilen bolsa Türkmenbaşy jins toplumynyň resmi saýtynda tanyşmak mümkin.