Biz barada

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministirliginiň garamagyndaky Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumy 2021 nji ýylyň Noýabr aýynyň 17-ne gurlup ulanmaga berildi. Bu toplumda nah ýüplük , nah mata, boýalan mata we taýýar tikin önümler öndürilip, Nah ýüplügüň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 3300 tonnadan, nah çig mata 20 000 000 inedördül metrden, boýalan mata 18 000 000 inedördül metrden we taýýar tikin önümleri 3 500 000 sandan ybarat.

Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumda Ilatyň hem-de halk hojalygynyň yzygiderli artýan islegini doly kanagatlandyrýan, raýatalaryň abadan we eşretli durmuşyny üpjün edýän, hil taýdan ýokary şeýle hem dünýä derejesinde mynasyp orunlara eýe bolýan önümleri öndürmek ugrunda tutanýerli zähmeti alyp barýarys.