Türkmenistan bilen ABŞ-nyň gatnaşyklary täze derejä çykýar
23-02-2026
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary wagtynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe netijeli duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Erik Stýuart amerikan işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigini, şunda iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny belledi we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy. Hormatly Arkadagymyz atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş şertleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumynyň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleriniň öwreniljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň tanymal syýasatşynaslary, işewürleri bilen duşuşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar. Duşuşygyň dowamynda ozaldan gelýän özara hereketleri pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we “John Deere” kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.