Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady
07-03-2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň enelerini, gelin-gyzlaryny bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Biziň milli maksatnamalarda kesgitlän wezipelerimizi hem-de il-ýurt bähbitli özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirmäge gelin-gyzlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan we kämil sungat derejesine ýetirilen haly dokamagyň, keşde gaýamagyň, kürte, don, tahýa tikmegiň, jorap örmegiň özboluşly däplerini dowam etdirmekde mynasyp işleri alyp barýarlar.
Ýurdumyzyň zenanlary döwlet dolandyryş işlerinde, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk, söwda ulgamlarynda, mahlasy, ähli ugurlarda uly işleri bitirýärler. Müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, aýratyn-da, ýokary watançylyk duýguly, milli buýsançly ýaşlarymyzy — Watanymyzyň daýanjy bolan täze nesilleri terbiýelemekde dilleri senaly enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Berkarar Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.
“Sizi dünýäniň gözelligini hem-de sazlaşygyny özünde jemleýän ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ata Watanymyz eziz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri hem-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, mukaddes maşgala ojaklarymyzyň daýanjy, mertebesi hem-de guwanjy bolan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň güler ýüzleri elmydama bahar ýaly nurana bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynyň ahyrynda aýtdy.