Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi halkara bäsleşigiň möhletini uzaltdy
30-03-2026
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi ýük we ýolagçy liftlerini satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletiniň 2026-njy ýylyň 25-nji apreline çenli uzaldylýandygyny mälim etdi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
— ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänler Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy salgysynda bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça islegnama bermeli;
— tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalaryny almaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin degişli möçberde töleg tölemeli.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seredilýär we olar otuz günüň dowamynda kabul edilýär.
Ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalarda teklipler kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77/40-71-96/40-71-83.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti