«Ayna denim» milli dokma bazarynda täze ugurlary açýar

26-03-2026

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide ýurdumyzyň dokma pudagynyň täze wekili — «Ayna denim» kompaniýasy özüniň döwrebap jins önümlerini köpçülige hödürledi. Tebigy pagtadan ýokary hilli geýimleri öndürýän bu kärhana, gysga wagtyň içinde pudakda öz ornuny berkitmegi başardy. 2023-nji ýylda Aşgabatda döwrebap önümçilik toplumyny işe girizen kompaniýanyň eýýäm Stambulda hem şahamçalary hereket edýär.

Kompaniýanyň esasy aýratynlygy — önümçiligiň doly tapgyrly bolmagydyr. Geýimleriň dizaýnyndan we nusga taýýarlanyşyndan başlap, tikin hem-de ýörite ýuwuş işlerine çenli ähli amallar kärhananyň özünde amala aşyrylýar. Bu ulgam müşderileriň isleglerine görä çeýe çemeleşmäge we önümiň halkara standartlaryna laýyk gelmegine doly kepil geçmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň wekiliniň bellemegine görä, önümçilikde ýerli we arassa çig malyň ulanylmagy jinsleriň hiliniň durnuklylygyny üpjün edýär. Häzirki wagtda brendiň paýtagtymyzda iki sany dükany hereket edip, olar «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezinde we Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär. Kärhana diňe bir taýýar önümleri satmak bilen çäklenmän, eýsem 1000 sanysyndan geçýän uly gölemdäki aýratyn sargytlary hem kabul edýär.

«Ayna denim» diňe bir içerki bazarda däl, eýsem eksport ugurlarynda hem işjeňlik görkezýär. Häzirki wagtda Russiýa esasy hyzmatdaş bolup durýan bolsa, ýakynda Polşa döwletine ilkinji önüm tapgyrlary ugradyldy. Şeýle-de, kärhana önümçilikde suw tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýär.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazeti