Aşgabat dokma toplumy täze ýyl üçin pagtadan sowgatlyklary taýýarlady
20-11-2026
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat dokma toplumy alyjylara Täze ýyl baýramçylygy, şeýle hem toý-dabaralar we şanly seneler mynasybetli ýörite taýýarlanan ýokary hilli dokma önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýär. Bu önümler 100% pagtadan taýýarlanyp, ekologiki taýdan arassalygy, özboluşly dizaýny we ýumşaklygy bilen tapawutlanýar. Toplumyň täze ýyl hödürnamalarynyň hatarynda dürli sowgatlyklar, çagalar üçin ýumşak düşekçe toplumlary we ýumşak oýnawaçlar bar. Olary toplumyň dükanlaryndan satyn almak ýa-da adt.com.tm web-saýty arkaly onlaýn sargyt etmek mümkin. Toý-dabaralar üçin niýetlenen toplumlar, şol sanda toy paylary, şeýle hem doglan günler we dürli şanly seneler mynasybetli sowgat bermek üçin ýörite sowgatlyk toplumlar assortimentde aýratyn orun eýeleýär. Mundan başga-da, satuwda dürli ölçegdäki we reňkdäki ýapynjalar, bir we iki adamlyk hammam toplumlary, öý hojalygynda gündelik ulanmak üçin aşhana toplumlary, ýorgan-düşek daşlyklary we beýleki dokma önümler bar. Önümçilikde sintepon, wiskoza we bambuk ýaly materiallar hem ulanylýar, olar sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Önümler ýokary hilli çig mallardan we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda öndürilýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat dokma toplumy alyjylara Täze ýyl baýramçylygy, şeýle hem toý-dabaralar we şanly seneler mynasybetli ýörite taýýarlanan ýokary hilli dokma önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýär. Bu önümler 100% pagtadan taýýarlanyp, ekologiki taýdan arassalygy, özboluşly dizaýny we ýumşaklygy bilen tapawutlanýar.
Toplumyň täze ýyl hödürnamalarynyň hatarynda dürli sowgatlyklar, çagalar üçin ýumşak düşekçe toplumlary we ýumşak oýnawaçlar bar. Olary toplumyň dükanlaryndan satyn almak ýa-da adt.com.tm web-saýty arkaly onlaýn sargyt etmek mümkin. Toý-dabaralar üçin niýetlenen toplumlar, şol sanda toy paylary, şeýle hem doglan günler we dürli şanly seneler mynasybetli sowgat bermek üçin ýörite sowgatlyk toplumlar assortimentde aýratyn orun eýeleýär.
Mundan başga-da, satuwda dürli ölçegdäki we reňkdäki ýapynjalar, bir we iki adamlyk hammam toplumlary, öý hojalygynda gündelik ulanmak üçin aşhana toplumlary, ýorgan-düşek daşlyklary we beýleki dokma önümler bar. Önümçilikde sintepon, wiskoza we bambuk ýaly materiallar hem ulanylýar, olar sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýar. Önümler ýokary hilli çig mallardan we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda öndürilýär.