Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine döwlet sylaglary gowşuryldy
17-11-2026
Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri hem-de dürli ulgamlarda üstünlik gazanan ýaşlar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. Baýramçylyk dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar. Sergide türkmen ýaşlarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilen gymmatly neşirlere, şeýle hem medeni çykyşlara möhüm orun berildi. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Döwlet Baştutany Gutlagynda ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk we döredijilik ýörelgelerine ygrarly bolup, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Şeýle-de her ýyl gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň zehinli we işjeň ýaşlary höweslendirmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Baýrak gowşurylyş dabarasynda ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda hem-de beýleki ugurlarda ýokary netijeleri gazanan ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldiler. Şeýle hem döwlet syýasatyny wagyz etmekde, döredijilik başlangyçlaryny ösdürmekde we jemgyýetçilik işjeňligini görkezmekde tapawutlanan ýaşlara şahadatnamalar hem-de hormatly Prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesil ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmagy, döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi, sport bilen meşgullanmagy hem-de halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy üçin giň şertler döredilýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar we kanunçylyk binýady ýaşlar syýasatynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýär. Çykyş eden ýaşlar döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin Milli Lider Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň ösüşine mundan beýläk-de yhlasly zähmeti we döredijilik üstünlikleri bilen goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentiň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Aşgabat şäherindäki Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri hem-de dürli ulgamlarda üstünlik gazanan ýaşlar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Baýramçylyk dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar. Sergide türkmen ýaşlarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilen gymmatly neşirlere, şeýle hem medeni çykyşlara möhüm orun berildi.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalaryna hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Döwlet Baştutany Gutlagynda ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk we döredijilik ýörelgelerine ygrarly bolup, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Şeýle-de her ýyl gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň zehinli we işjeň ýaşlary höweslendirmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Baýrak gowşurylyş dabarasynda ylymda, bilimde, sportda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda hem-de beýleki ugurlarda ýokary netijeleri gazanan ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldiler. Şeýle hem döwlet syýasatyny wagyz etmekde, döredijilik başlangyçlaryny ösdürmekde we jemgyýetçilik işjeňligini görkezmekde tapawutlanan ýaşlara şahadatnamalar hem-de hormatly Prezidentiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesil ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmagy, döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi, sport bilen meşgullanmagy hem-de halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagy üçin giň şertler döredilýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalar we kanunçylyk binýady ýaşlar syýasatynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýär.
Çykyş eden ýaşlar döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin Milli Lider Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň ösüşine mundan beýläk-de yhlasly zähmeti we döredijilik üstünlikleri bilen goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentiň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.