Olimpiýa stadionynda “Arkadag” futbol toparynyň atributikalary satuwa çykarylar

06-02-2026

11-nji fewralda Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen taryhy duşuşyk geçirjek “Arkadag” futbol

toparynyň janköýerleri üçin ýörite söwda nokatlary guralar. Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli 5 sany söwda nokady hereket eder.

Söwda nokatlary tomaşaçylaryň orunlarynyň arka tarapynda ýerleşdirilip, myhmanlara amatly we

bökdençsiz hyzmat etmegi üpjün eder. Bu ýerde janköýerler “Arkadag” futbol toparynyň nyşany bilen

bezelen kepkalary, şarflary, futbolkalary, çalgyçlary hem-de dürli ýadygärlik sowgatlaryny satyn alyp

bilerler.

Oýuna öňünden taýýarlyk görmegi meýilleşdirýän janköýerler bolsa, toparyň atributikalaryny paýtagtda

ýerleşýän «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinden ýa-da Dokma senagaty ministrliginiň beýleki söwda

dükanlaryndan hem alyp bilerler.